Türkmen

Türkmençe terjime we dilmaç hyzmatlary

«Eurasian Linguistics» ― türkmen diline ýokary hilli ýazuw we dilden terjime hyzmatlary üçin siziň ynamdar hyzmatdaşyňyz bolar. Biz iki müňe golaý ussat terjimeçiler bilen işleşip, türkmençe ýokary hilli ýazuw we dilden terjime hyzmatlaryny siziň wagtyňyza we býujetiňize laýyklykda ýerine ýetirip bileris. Mundan başga-da, biz beýleki birnäçe diller boýunça hem terjime, lokalizasiýa we dilmaçlyk hyzmatlaryny hödürleýäris.

«Eurasian Linguistics» terjimäniň hili boýunça halkara standarty bolan ISO 17100 kadalaryna eýerýär we türkmençe terjime proýektleri iň ýokary standartlara görä alnyp barylýar.

Türkmen diline ýazuw, dilden we beýleki terjime hyzmatlarynyň bahasyny bilmek üçin «Eurasian Linguistics» bilen +44 (0)118 3800 432 belgä jaň etmek arkaly habarlaşyň, ýa-da ask@eurasianlinguistics.com e-poçtamyzdan soraň.

Biz aşakdaky terjime hyzmatlaryny hödürleýäris:

Agzalan hyzmatlar beýleki dillerde hem elýeterlidir.

Türkmençe ýazuw we dilden terjime hyzmatlaryna ezber kompaniýa bolmak bilen, «Eurasian Linguistics» ýöriteleşdirilen ýazuw we dilden terjime, hususan-da, kanunçylyga we işewürlige degişli ýöriteleşdirilen hyzmatlary, şeýle hem lukmançylyk, tehnologiýa we beýleki ugurlarda ýazuw we dilden terjime hyzmatlaryny hödürleýär.

Kanunçylyk

Biziň kanunçylyk bilen bagly ekspert türkmen terjimeçiler toparymyz ýörite kanunçylyk terminologiýa boýunça hünär taýýarlygyndan geçdiler. «Eurasian Linguistics» türkmençe kanunçylyk resminamalarynyň dürli görnüşlerini terjime etmekligi (şertnamalar, şaýat hatlary, kompaniýany hasaba alyş resminamalary, kazylaryň hatlary, maşgala kanunçylygyna degişli resminamalar we beýleki dürli görnüşli terjimeler), şeýle hem türkmençe kazy gepleşiklerini, şaýatlyk üçin dilmaçlyk hyzmatlary, türkmen dilinde transkripsiýa we resminamany anyklaýyş hyzmatlaryny üpjün edýär.

Işewürlik

«Eurasian Linguistics» biziň işewür müşderilerimiziň talap edýän ýokary hilli terjime, lokalizasiýa we dilmaçlyk hyzmatlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Türkmen terjimeçiler toparymyzyň tejribesi we hünär kämilligi netijesinde, işewürligiň giň ugurlary boýunça: maliýe hasabatlary, bazar hasabatlary, ýyllyk hasabatlar, duşuşyk ýazgylary, metbugat çykyşlary, e-poçta habarlary we ylalaşyklar ýaly dürli görnüşli resminamalar terjime edilýär; müşderi duşuşyklary, ýygnaklar, konferensiýalar we çykyşlar türkmençä dilden terjime edilýär; türkmen dilindäki resminamalar ýerinde anyklanylýar.

 

«Eurasian Linguistics» kanunçylyk we işewürlik terjimelerine ýöriteleşdirilen bolsa-da, biz beýleki ugurlardan hem terjime we dilden terjime hyzmatlaryny hödürleýäris. «Eurasian Linguistics» lukmançylyk hasabatlaryny, täze enjam üçin gollanmalary, depderçeleri, dogluş hakynda şahadatnamalary, nika ýa-da onu bozmak hakynda şahadatnamalary we ölüm şahadatnamalary ýaly dürli terjimeleri ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, «Eurasian Linguistics» reklama we marketing materiallarynyň, sergi depderçeleriniň, toý-dabara çykyşlarynyň we sylaglaýyş dabaralaryň sözleri ýaly birnäçe terjimeleri üstünlikli ýerine ýetirdi.

«Eurasian Linguistics» öz adyndan ýa-da ussat terjimeçimiziň adyndan serkifikatlaşdyrylan (möhürli) terjime hyzmatlaryny üpjün edip bilýär. Biziň işleşýän terjimeçilerimiziň köpüsi resmi iş statusy bolan, öz ýaşaýan ýerleriniň kanunçylygyna laýyklykda resmi terjimeleri ýerine ýetirmäge ygtyýarlandyrylan hünärmenlerdir.

Londonly iň abraýly notarius firmalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak bilen, biz resminamalary notariusdan geçirmek we olary Daşary işler ministrligi bilen kanunlaşdyrmak işlerini hödürleýäris.

Terjime, lokalizasiýa we dilmaçlyk hyzmatlarynyň aglaba bölegi iňlis dilinden beýleki dillere terjime edilse-de, biziň köp terjimeçilerimiz başga dillerden beýleki dillere hem terjime edip bilýär. Ýagny, «Eurasian Linguistics», resminama terjimesi, lokalizasiýa we dilmaçlyk hyzmatlaryny diňe bir iňlis dilinden däl, eýsem türkmen-rus ýa-da latyş-türkmen ýaly beýleki dillerde hem ýerine ýetirip bilýär.

«Eurasian Linguistics» siziň resminamalaryňyzy we maglumatlaryňyzy aýawly saklajakdygyna kepil geçýär. Biz bazamyzdaky maglumatlaryň goragyny üpjün etmek hem-de gepleşikleriň GDPR kadasyna laýyklygyna göz ýetirmek üçin döwrebap tehnologiýalary we ulgamlary ulanýarys. Biziň ähli terjimeçilerimizden gizlinlik şertnamalaryny gol çekmeklik talap edilýär. Mundan başga-da, biz islendik gizlinlik şertlerini siziň talaplaryňyza laýyklykda ornaşdyryp bilýäris.

 

«Eurasian Linguistics» tarapyndan üpjün edilýän terjime, lokalizasiýa we dilmaçlyk hyzmatlary barada maslahatlaşmak üçin, hem-de hyzmatlaryň bahalary barada maglumat almak üçin +44 (0)118 3800 432 belgä jaň ediň, ýa-da ask@eurasianlinguistics.com e-poçtamyzdan soraň.

GET IN TOUCH

Please drop us a line to get a bespoke quote or request a callback to discuss your translation / interpreting needs.

CONTACT US